Şu gün Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglaryna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, 14 — 27-nji iýul aralygynda ýokary bilim almaga isleg bildirýän ýaşlaryň müňlerçesi ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrdylar.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine 16 müň 782 talyp, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 10 müň 879 adam kabul ediler.
Ýaşlara synaglarda üstünlik gazanyp, öz saýlan arzyly hünäriniň eýesi bolmaklaryny arzuw edýäris!
Teswirler