2025-njy ýylyň fewralynda tassyklanylan «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, Dokma senagaty ministrligi boýunça gönükdirilmegi göz öňünde tutulan maýa goýumlaryň möçberi 200 million manada deňdir.
Şeýlelikde, ministrlik tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynda nah ýüplük, nah we sütükli matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumy gurlar. Bu desganyň gurulmagy ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, daşyndan getirilýän dokma önümlerini öndürmäge we eksport etmäge mümkinçilik berip, täze iş orunlaryny döreder.
Pudakda eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli täze kärhanalaryň döredilmeginiň maksady ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna, Döwlet býujetine salgyt tölegleriniň artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, abatlanylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy zerur bolan düşewüntliligi pes kärhanalary hususylaşdyrmak Dokma senagaty ministrligi tarapyndan ýakyn geljekde bellenen çäreleriň hataryndadyr.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen bir hatarda, dokma pudagynda hem eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýarlar. Olar diňe bir tebigy çig mala esaslanman, eýsem, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribeleri ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilik toplumlarynyň döredilmegine-de işjeň gatnaşýarlar.
Teswirler