“MenTalyp” — talyp bolmagyň döwrebap ýolbeledi

Bilimiň döwrebaplaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy bilen birlikde, ýokary okuw jaýlaryna giriş taýýarlygy hem täze derejä çykýar. Şu ugurda ýurdumyzda täze mümkinçilikleri hödürleýän mobil goşundy — “MenTalyp” giňden ulanyjylara ýetirildi.

Bu programma, orta mekdebi tamamlan ýaşlara, ýagny dalaşgärlere ýokary okuw jaýlaryna taýýarlyk görmekde we dogry ugur saýlamakda ýol görkezmek maksady bilen döredildi. Häzirki wagtda programma Play Market arkaly elýeterlidir.

“MenTalyp” programmasynyň aýratynlyklary:

Ýokary okuw jaýlary hakda giňişleýin maglumatlar — Türkmenistandaky ähli ýokary okuw jaýlarynyň sanawy, olaryň fakultetleri we bölümleri barada doly maglumatlar bilen üpjün edýär.

Giriş synaglaryna degişli düşnükli temalar — Dalaşgärleriň synaglara taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, dersler boýunça düşnükli we tertipli temalar toplumy hödürlenýär.

Testler we bäsleşikler — Ulanyjylaryň öz taýýarlyk derejesini barlap görmegi üçin dürli test soraglary we içgin bäsleşikler ýerleşdirilen.

Synaglaryň geçirilýän ýerleri we seneleri — Giriş synaglarynyň haçan we nirede geçirilýändigi baradaky takyk we peýdaly maglumatlar bilen üpjün edýär.

Ugruňyza degişli dalaşgär sany — Ulanyjy saýlan ugruna näçe dalaşgäriň kabul edilýändigini görüp, karar kabul edip biler.

Bu goşundy diňe bir maglumat bermek bilen çäklenmän, şeýle-de ýaşlaryň bilim ýolunda ynamly ädim atmagy üçin akylly çözgüt hödürleýär. “MenTalyp” — maksat bilen ýola çykýan her bir ýaş üçin iňňän peýdaly goşundydyr.

Goşundyny şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz: Ýüklemek

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok