“Awaza” halkara hyzmatdaşlygyň täze merkezine öwrülýär

2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Hazar kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy möhüm halkara çärä — Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna mynasyp ýagdaýda taýýarlanýar. Bu giň gerimli forum häzirki zaman dünýäniň möhüm meselelerini bilelikde çözmäge gönükdirilen özboluşly gepleşik meýdançasyna öwrüler.

Foruma dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunyň ýokary derejeli wekilleri, BMG-niň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň hem-de jemgyýetçilik institutlarynyň wekilleri gatnaşar. Gün tertibinde ykdysady ösüş, ulag-logistika ulgamyndaky mümkinçilikler, durnukly energetika, ýaşlar bilen işlemek, innowasion çözgütler ýaly möhüm ugurlar bar.

Bäş gün dowam etjek çäreleriň çäklerinde plenar mejlislerden başlap, ýokary derejeli mowzuklaýyn duşuşyklar, işewürlik maslahatlary we medeni çäreler meýilleşdirilýär. Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy, hususy pudagyň roly, ýaşlaryň geljegi şekillendirişdäki orny ýaly meseleler esasynda pikir alşylar.

Türkmenistanyň forumy geçirmek baradaky başlangyjy halkara derejesinde giň goldaw tapdy. Bu ugurda ýurdumyz BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen ysnyşykly iş alyp barýar. Forumyň geçirilmegi hem 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen utgaşýar.

Forumyň çäklerinde geçiriljek çäreleriň biri hem dürli döwletlerde ýolbaşçylyk edýän zenanlaryň gatnaşmagyndaky ýörite duşuşykdyr. Bu çäre häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine dürli nukdaýnazardan çemeleşmegiň mümkinçiliklerini artdyrar.Awaza halkara hyzmatdaşlygyň täze merkezi hökmünde täze pikirleriň, sebit hem-de ählumumy hyzmatdaşlygyň kemala gelýän giňişligine öwrülýär. Forum diňe bir döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň berkidilmegine däl, eýsem ösýän ýurtlaryň öz mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegine itergi berer.

O.Berdiýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy
. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok