“Türkmenistan” awiakompaniýasy içerki gatnawlaryny artdyrýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýtynda 2025-nji ýylyň 25-nji iýulyndan güýje girýän içerki uçar gatnawlarynyň täze tertibi bilen ýolagçylaryň dykgatyna ýetirildi. Täze tertip ýolagçylar üçin has köp mümkinçilik döretmek bilen, ýurduň sebitleriniň arasynda awiabarlagyň has amatly we yzygiderli bolmagyny maksat edinýär.

Aşgabat – Daşoguz ugry boýunça günde 7 gatnaw

Täze tertipde iň yzygiderli gatnaw Aşgabat – Daşoguz ugry boýunça meýilleşdirilýär. Bu ugurda, hepdäniň günlerine baglylykda, günde 7 sapara çenli uçar gatnawy amala aşyrylar. Bu bolsa ýurduň demirgazyk sebitine howa arkaly gatnamagyň öňküsinden has amatly boljakdygyny görkezýär.

Aşgabat – Türkmenabat ugry boýunça günde 6 gatnaw

Aşgabat – Türkmenabat ugry boýunça hem günde 6 gezek uçar gatnawynyň ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, Lebap welaýatyna howa arkaly gatnaýan ýolagçylar üçin wagt tygşytlylygy we ýygylyk üpjün edilýär.

Aşgabat – Mary ugry boýunça hepdäniň günlerine görä 4 gatnaw amala aşyrylar, Aşgabat – Balkanabat ugry boýunça hem şol sanda her gün sagat 10:00-da ýola çykýan T5-253 belgili gatnaw bilen birlikde 4 uçar gatnawy ýerine ýetirilýär.

Täze tertipde sebitara göni gatnawlaryň girizilmegi hem aýratyn bellenilmäge mynasyp. Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Balkanabat ýaly şäherleriň arasyndaky göni ugurlar ýolagçylara paýtagty aýlap geçmezden, göni uçuş arkaly maksadyna ýetmäge mümkinçilik döreder.

Şeýle hem Aşgabat – Kerki ugry boýunça hepdäniň günlerine baglylykda üýtgeýän 4 gatnaw meýilleşdirilýär.

Awiakompaniýa gatnaw tertipleriniň üýtgäp biljekdigini, käbir uçarlaryň bolsa ugran gününiň ertesi güni baryp biljekdigini belläp geçýär. Şonuň üçin ýolagçylara sapara çykmazdan öň gatnawlaryň häzirki wagtda güýje girýän takyk tertibi bilen tanyşmak maslahat berilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok