Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylda kabul edişlik bilen baglanyşykly ýagdaýlary görkezýän dalasgar.bilim.tm atly täze maglumat platformasyny işe girizdi. Bu sanly çeşme ýurdumyzyň bilim ulgamynda ilkinji gezek giň gerimli we her gün täzelenip durýan interaktiw maglumatlar bilen üpjün edýän açyk portaldyr.
Täze döredilen onlaýn ulgam arkaly dalaşgärler her ýokary okuw mekdebiniň we hünäriň boýunça:
- tabşyrylan resminamalaryň sany,
- arzalaryň geografik paýlanyşy,
- taýýarlyk ugurlary boýunça bäsdeşlik derejesi ýaly maglumatlary hakyky wagt düzgüninde yzarlap bilerler.
Ministrligiň bellemegine görä, bu platforma dalaşgärleriň bilim derejesine we mümkinçiliklerine görä has oýlanyşykly karar kabul etmegine, hünär we okuw mekdebini dogry saýlamagyna uly ýardam berýär. Şeýle hem resminamalaryň tabşyrylma depginini we meýilleri anyk seljermäge mümkinçilik döredýär.
Täze maglumat ulgamynyň döredilmegi, ilki bilen, kabul edişlik işleriniň aç-açanlygyny we adalatlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, ýaşlara geljekki hünärini saýlamakda düşünjeli goldaw bermek we bilim ulgamynda giň maglumat elýeterliligini üpjün etmek maksat edinilýär.
Bu başlangyç Türkmenistanyň bilim ulgamynda sanly mümkinçilikleriň ulanylmagynyň täze tapgyryna gadam basýandygyny görkezýär.
Teswirler