24-nji iýulda sagat 11:00-da ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitap sergi-ýarmarkasyny gurnaýar. Bu çäre kitap söýüjiler üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär.
Amerikan merkeziniň maglumatyna görä, ulanyjylar usturkmenistan.overdrive.com saýty arkaly elektron kitaplar we audiokitaplar bilen onlaýn tanşyp bilerler. Şeýle hem Amerikan merkeziniň kitaphanasyna baryp, “Overdrive / Libby” platformalaryndan peýdalanmak üçin şahsy hasap döredip bolýar. Sanly kitaphananyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak isleýänler üçin eLibraryUSA tanyşdyryş sapaklary hem elýeterlidir. Bu sanly çeşmeler islendik ýerde, islendik wagtda ulanylyp bilner.
Täzeliklerden yzygiderli habarly bolmak üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi IMO belgisine (+99363 598135), Instagram sahypasyna (@usembassyashgabat) ýa-da Facebook (usembassy.turkmenistan) hasabyna ýazylmagyňyz maslahat berilýär.
Goşmaça maglumat üçin: AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron poçtasy ýa-da +99312 47 35 06 telefon belgisi arkaly ýüz tutup bilersiňiz.
Teswirler