Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde burma şahly dag tekesiniň sanynyň barha köpelmegi bilen tebigaty goramak ugrundaky tagallalar öz miwesini berýär. Köýtendag goraghanasynyň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, 2023-nji ýylda hünärmenler 1572 sany uly dag tekesini hasaba aldylar. Bu bolsa ähli gözegçilik döwrüniň iň ýokary netijesi boldy.
Tebigatyň bu ajaýyp we seýrek ýaşaýjysyny goramak maksady bilen, 2024-nji ýyldan başlap täze bir halkara baýramçylyk — Halkara dag tekesiniň güni döredildi. Her ýylyň 24-nji maýynda bellenilýän bu sene, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni daglyk sebitleriň haýwanat dünýäsine gönükdirmek bilen bir hatarda, olaryň howpsuz geljegi üçin ähmiýetli ädim bolup durýar.
Teswirler