Awaza 4G+ internet tehnologiýasy ornaşdyryldy

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 4G+ tehnologiýasy, şeýle hem Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasy işe girizildi.

Şeýle hem şu ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 102,6 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 102,1 göterim berjaý edildi. “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,5 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 121,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 120,7 göterime barabar boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok