Ýokary okuw jaýlaryna resminama tabşyrmak döwri başlady!

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 25-nji awgusty aralygynda guramak şeýle-de okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Okuwa kabul etmegiň tertibini (gerekli resmi iş kagyzlarynyň, resminamalaryň sanawyny) şu ýerden ýükläp bilersiňiz!


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok