Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy we Ulag we aragatnaşyk toplumyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen,

Ýatyrylan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky:

«Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işini bes edip, olaryň binýadynda, degişlilikde, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi döredildi.

Şeýle-de «Türkmenhowaýollary» agentligi we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi, degişlilikde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýip atlandyryldy hem-de olar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berildi.


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok