Serdar Berdimuhamedow: “Synaglary guramaçylykly we adalatly geçirmeli!”

11-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýüzlenip, täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi täze hünärleri girizmäge we okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanyny artdyrmaga ýardam berer diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmeli, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmeli, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak arkaly önümçilik pudaklaryny ylmy esasda ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny innowasion tehnologiýalar esasynda pugtalandyrmak boýunça işleri yzygiderli alyp barmak, sanly saglygy goraýyş ulgamynyň kömegi bilen döwrebap hyzmatlary ýola goýmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmek, sportuň Olimpiýa görnüşlerini ösdürmäge hem aýratyn üns bermek tabşyryldy.


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok