Sanly ulgamyň ähli ykdysady pudaklara ornaşdyrylmagy ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugrudyr. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň adamlaryň gündelik durmuşyna ornaşmagy bilen iş guramak, bilim almak we dynç almak ýaly ugurlar düýpli özgerýär. Türkmenistan dünýä tejribesine esaslanmak bilen öz sanly modelini döredýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky özgertmeler, onuň sanlylaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy ýokary hünärli programmistleriň, inžener-işläp düzüjileriň, kompýuter ylymlary, maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegine goldaw bermäge gönükdirilendir. Olar sanly ösüş üçin işgärleri taýýarlamagyň wezipelerine laýyk gelýän ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilim bilen birlikde, orta we başlangyç bilimleri hem gurşap alýar. Eýýäm birinji synpda okuwçylar informatikanyň esaslary dersini öwrenýärler. Şol ders olara adamzadyň gözlegleriniň we pikirleriniň mümkinçilikleriniň çäksiz dünýäsine gapylary açýar. Zehinli ýaşlar käbir ykdysady-durmuş meselelerini çözmäge, maýa goýumlardan gelýän girdejileri ep-esli artdyrmaga ukyply taslamalary döredip, taýýarlygyň we döredijiligiň ýokary derejesini görkezýärler.
Sanly bilim ulgamynyň giňeldilmegi bilen ýurdumyzyň ähli derejesindäki bilim edaralarynda degişli okuwlar alnyp barylýar. Informatika dersi eýýäm ilkinji synpdan başlap öwredilýär. Şeýlelikde, bilim ulgamy täze nesil IT hünärmenleriniň kemala gelmegine mümkinçilik berýär.
Arkadag şäheriniň gurluşygy hem bu özgertmeleriň aýdyň mysalydyr. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurulan bu şäherde ýokary okuw mekdepleriniň talyplary täze taslamalarda işjeň gatnaşýarlar. Bu ýerde 5G tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy sanly ulgamyň ösüşinde möhüm ädim boldy. Häzirki wagtda Türkmenistan sanly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly halkara tejribelere laýyklykda ösüşiň täze basgançagyna çykýar. Elektron hyzmatlaryň giňeldilmegi, maglumat portallarynyň döredilmegi we ýokary tehnologiýaly senagaty ösdürmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Netijede, “Sanly çözgüt – 2025” bäsleşigi ýaşlaryň innowasiýa mümkinçiliklerini açyp görkezýän we ýurdumyzyň sanly ösüşine goşant goşýan möhüm çäreleriň biridir. Şeýle taslamalar Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetiniň, biliminiň we tehnologik ösüşiniň binýadyny güýçlendirýär.
Gülşirin GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.
Teswirler