Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahat geçiriler

Mälim bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty geçiriler. Bu çäre BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda guralýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.

Maslahata BMG-niň agza döwletlerinden, halkara maliýe guramalaryndan, sebit birleşiklerinden ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de, halkara bilermenleriň, ylmy toparlaryň we işewürleriň gatnaşmagynda maslahatlar, tegelek stollar we ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Forumyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysadyýetini güýçlendirmek, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek, halkara we sebit söwda gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de bu ýurtlaryň dünýä ykdysady ulgamyna netijeli gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler boýunça pikir alşylar.

Bu halkara forum Türkmenistan üçin diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdine işjeň goşulýan ýurt hökmünde çykyş etmeginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Kakageldi AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok