Medeniýet halkyň kalby

Oňyn başlangyçlar halkyň goldawyna eýe bolup, durmuş ýörelgesine, asylly däbe öwrülýär gidiberýär. Muňa Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýörelgeleri bilen dowam etdirilýän Medeniýet hepdeligini uly buýsanç bilen mysal getirip bileris. Toý tutmak, bagşy aýtdyryp türkmen halkynyň baý şöhratly geçmiş taryhyny, medeni mirasyny geljek nesillere geçirmekde Medeniýet hepdeligiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Şu nukdaýnazardan medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň ylham dünýäsini baýlaşdyrýan, täze kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýan, her ýylyň iýun aýynyň soňky hepdesinde bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni özboluşly bir sungat baýramydyr. 

Ajaýyp arzuwlarymyzyň hasyl bolýan zamanasynda türkmen halkymyz goşa-goşadan gelýän toýlaryny agzybirlikde, bagtyýarlykda, bolelinlikde garşy alýar. Diýarymyzda giňden bellenilýän toý-baýramlara her pudakda işleýän raýatlar zähmet üstünlikleri bilen sowgatly gelip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Sözüň we sazyň baýramy bolan Medeniýet we sungat işgärleriň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary şäher komitetiniň gurnamagynda aýdym-sazly dabara geçirilip, ýokary ruhubelentlige beslendi. Göwün göteriji bu dabara medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy – şahyrlar, bagşy-sazandalar, Agar partiýanyň Mary welaýat etrap, şäher komitetleriniň işgärleri uly rububelentlikde gatnaşdylar. Bagtyýarlyk ruhuna beslenen bu dabarada welaýatyň medeniýet – sungat ussatlary we  bagşy – sazandalary, estrada aýdymçylary özleriniň döwrebap çykyşlary, aýdym – sazlary bilen dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Sungat ussatlaryň  hoş owazly aýdym – sazlarynda gadymy we baky juwan milli medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan belent maksatly işleri, asuda we parahat Diýarymyzyň ösüşli menzilleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzda dabaralanýan toý – baýramlaryň şatlygy uly joşgun bilen wasp edildi. Şatlyk – şowhun, belent hyjuw bilen ýerine ýetirilen her bir çykyş dabaranyň şowhunyny artdyryp, halkymyzyň bagtyýar ertiriniň aladasyny edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar bolup ýaňlandy.  Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada çykyş eden sungat ussatlaryna, döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary şäher komitetiniň ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy has-da täsirli boldy. Dabara gatnaşanlar döwrümiziň waspçylary bolan medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerine ähli mümkinçilikleri döredip berýän, toý-baýramlarymyzy belentde dabaralandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar!

Sona EMIROWA,

Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň
Mary şäher komitetiniň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok