Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän belent sepgitleriň, gazanylýan ösüşleriň esasy maksady, halkymyzyň durmuşyny barha gowulandyrmak, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny berkitmek bilen bir hatarda, geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri kämil derejede terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Bu hakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlaryna ýugrulan nurana geljegidir. Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýip, örän jaýdar belleýär.
Ine, şeýle zehinli ýaşlaryň biri hem Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň uçurymy Medine Myratberdiýewadyr. Ol bilimde, döredijilikde we sportda gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanýar. Medine öz ukyby we tutanýerliligi bilen köp sanly döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklerde üstünlik gazandy.
2024-nji ýylda BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan gurnalan «Ýaşlar we parahatçylyk» atly diwarlyklar bäsleşiginde Medine 3-nji orna mynasyp boldy. Şol ýylyň dowamynda ol «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda taryh dersi boýunça ýöriteleşdirilen mekdepleriň arasynda 3-nji orny eýeledi.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginde hem Medine özüniň tankydy pikirlenme ukyby bilen öňe saýlandy. Ol 2024-nji ýylda gurnalan bu bäsleşigiň 3-nji möwsüminde 3-nji orny, 4-nji möwsüminde bolsa 2-nji orny eýeläp, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen final tapgyrynda 2-nji orny gazandy.
Şeýle hem, Medine 2025-nji ýylda «Ýylyň uçurymy» diýen hormatly ada eýe boldy. Şeýle üstünlik onuň ylym bilen çynlakaý gyzyklanmasynyň netijesidir. Şeýle hem ol Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilen «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiadanyň welaýat tapgyrynda 3-nji orny eýeledi.
Medine Myratberdiýewanyň sport ugrundaky üstünlikleri hem aýratyn bellärliklidir. Nusgawy ýaýdan nyşana ok atmak boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynda Medine 3-nji orny eýeläp, sportda hem başarjaňlygyny görkezdi. Mundan başga-da, Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Alpomyş we Barçinöý atly III Halkara ok atmak turnirine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi.
Medine ýaly ukyply, zähmetsöýer we yhlasly ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn köpelmegi, Garaşsyz Watanymyzyň nurana geljeginiň berk binýadynyň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi hem döwlet syýasatynda ýaş nesliň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuna uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle ýaşlaryň üstünlikli ýoly ýaş nesiller üçin görelde bolup, Watana hyzmat etmegiň ruhy binýadyny berkidýär.
Çary AKMYRADOW.
Teswirler