Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň energetika pudagynda örän ýakyn söwda-ykdysady gatnaşyklary bar. Döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, hyzmatdaşlygyň berkidilmegi we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça yzygiderli konstruktiw pikir alyşmalar geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow Bakuda geçirilen Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygyna bagyşlanan simpoziumda eden çykyşynda belledi.
Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistan eksport mümkinçiliklerini dürli ugurlar boýunça işjeň diwersifikasiýa edýär. Hususan-da, Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjan we Türkiýäniň çäginden üçünji ýurtlaryň bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermegiň mümkinçilikleri öwrenilýär.
Şeýle hem ilçi, Hazar deňziniň düýbi boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda optiki-süýümli kabeliň çekilmegi boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmany döretmek ugrunda bilermenler derejesinde işler alnyp barylýandygyny habar berdi: «Bu ugur hem Günorta Kawkazda, Ýakyn Gündogarda, Merkezi Aziýada we Günorta Aziýada sanly hyzmatlaryň döredilmegi üçin uly ähmiýete eýedir» – diýip, ilçi belledi.
Teswirler