Haýsy ýagdaýlarda raýat çagyryş boýunça harby gullukdan boşadylýar?

“Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda şu aşakdaky ýagdaýlarda raýatlar harby gulluga çagyryşdan boşadylmaga degişlidir:

1) saglyk ýagdaýy boýunça bellenilen tertipde harby gulluga ýaramly däl diýlip ykrar edilenler;

2) harby gullugy geçenler;

3) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda başga döwletiň ýaragly güýçlerinde harby gullugy ýa-da onuň başga görnüşini geçenler;

4) uly bolmadyk agyr jenaýaty edendigi üçin iki gezek iş kesilenler ýa-da ortaça agyr jenaýaty, agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty edendigi üçin iş kesilenler;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylan alymlyk derejesi bolan raýatlar;

6) harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary);

7) harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmegi bilen baglanyşykly maýyp bolanyň ýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň bir ýylyň dowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary).

Çeşme: Milli goşun.


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok