2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Ysraýylyň Eýrandaky ilatly ýerlerine we desgalaryna raketa zarbalaryny urmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdaky beýanat bilen çykyş edýär:
Türkmen tarapy Ýakyn Gündogarda ýüze çykan häzirki dartgynlygyň güýçlenmeginden uly alada bildirýär.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe döwlet hökmünde Türkmenistan syýasy ýa-da beýleki meseleleriň çözgüdi hökmünde güýç ulanmagy ýa-da güýç ulanmak bilen haýbat atmagy kabul etmeýär.
Biz islendik çylşyrymly ýagdaýlary diňe parahatçylykly ýollar bilen, BMG-niň Düzgünnamalaryna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanyp, giň syýasy-diplomatik serişdeleri ulanmak zerurdygyny nygtap belläp geçýäris.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Teswirler