Tomus — gün şöhlesi bilen ýalpyldaýan, tebigatyň gözelligi bilen bezelen, dynç alyş we güýmenje möwsümi. Emma bu pasyl diňe lezzetli günler bilen çäklenmeýär. Howanyň gyzgynlygy, gün şöhlesiniň güýçli täsiri we ýaşaýyş-durmuş kadalarynyň üýtgemegi saglygymyz üçin käbir howplary hem döredýär. Şonuň üçin tomus paslynyň lezzetini doly duýmak bilen birlikde, birnäçe sagdynlyk düzgünlerine hem hökman eýerilmeli.
1. Suwsuz galmaň!
Tomusda iň möhüm zatlaryň biri — organizmiň suwuklyk bilen üpjün edilmegidir. Günüň dowamynda adam bedeni köp mukdarda suwy ýitirýär. Şonuň üçin:
- Günde azyndan 2–2,5 litr arassa suw içmek maslahat berilýär;
- Süýji içgiler, gazly içgiler we köp kofeinli içgiler bedeni suwsuzlandyrýar, şonuň üçin olaryň mukdary çäklendirilmeli;
- Suwuň ýerine sowan çaýlar, limonly suwlar, hoşboý otlardan taýýarlanan içgiler peýdalanylyp bilner.
2. Gün şöhlesinden goranyň!
Uzak wagt gün şöhlesiniň aşagynda bolmak deri üçin howply. Şeýle ýagdaý deriniň ýanmagyna, tiz garramagyna we hatda deriniň düwnük howpuna getirip biler. Şonuň üçin:
- Güneşli günlerde sagat 11:00–16:00 aralygynda gün şöhlesiniň aşagynda bolmakdan saklanyň;
- Günden goraýjy başgaplar geýiň;
- Günden goraýjy kremleri ulanyň we her 2 sagatdan gaýtadan çalmalydygyňyzy unutmaň;
- Uzak wagtlyk gezelençlerde derini örtýän ýeňil, ýuka eşikler geýiň.
3. Ýeňil we peýdaly iýmitlenme
Tomusda iýmitlenme endiklerine hem üns bermeli. Agyr, ýagly, duzly iýmitler bedeniň güýçli täsirleşmegine sebäp bolup biler:
- Miweler, gök önümler, gyzgyn däl çorbalar, bakja önümleri bilen baýlaşdyrylan iýmitlenme ýörelgesine geçiň;
- Çenden aşa ýagly iýmitlerden daş duruň;
Sowuk doňdurmalary ýa-da içgileri çenden aşa köp ulanmak sowuklama sebäp bolup biler.
4. Howpsuz dynç alyş
Tomus dynç alyş, syýahat, köle ýa-da deňze gitmek möwsümidir. Emma bu döwürde saglyk we howpsuzlyk çärelerini ýatdan çykarmaly däl:
- Günüň iň gyzgyn sagatlarynda kölege ýerlerde boluň;
- Suwa düşýän ýerleriň arassa we rugsat berlen ýerlerdigine göz ýetiriň;
- Açyk howada sport bilen meşgullanan wagtyňyz köp suw içmegi unutmaň we ýyly eşikleriň ýerine ýuka, howa geçirýän materiallardan tikilen sport lybaslaryny geýiň.
Gülnar HUDAÝGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler