Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. Bu hukuk derejesi BMG-niň degişli Kararnamalary bilen üç gezek tassyklanyp, diňe milli bähbitleri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem bütindünýä derejesinde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek üçin netijeli gural bolup hyzmat etdi. Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, BMG we beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, ählumumy abadançylyga goşant goşýar. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur many bar. Türkmenistan BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk ugruna uly ähmiýet berýär. Hemme halkara çäreler, şol sanda BMG Baş Assambleýasy we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlyk BMG-niň ýokary bahasyna eýe boldy. Döwletimiz birnäçe gezek Baş Assambleýanyň sessiýalarynyň wise-başlygyna saýlandy.
Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş bilen geçiren duşuşygy BMG bilen hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigini görkezdi. Gelnen netijede, Türkmenistan “Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny” işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy BMG platformasynda öňe sürdi we bu başlangyç global deňhukuklylyk, parahatçylyk we ösüş maksatly halkara hukuk binýadynda esas hökmünde kabul edildi.
Şeýle hem, sebit derejesinde Merkezi Aziýa – BMG giňişlikli hyzmatdaşlygyny ösdürmek meýilleşdirilýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy sebit merkeziniň döredilmegi we onuň netijeliligini göz öňünde tutýar. Türkmenistan bitaraplyk dostlarynyň toparyny döredip, köptaraplaýyn dialog ulgamyny giňden giňeldýär. Şeýle hem 12-nji dekabr “Halkara bitaraplyk güni” diýlip yglan edilip, bitaraplygyň halkara derejesindäki orny nygtalýar.
Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer gün tertibi medeniýetara gatnaşyklaryň, halklaryň arasynda özara düşünişmek, hormat goýmak, hoşniýetlilik köprülerini gurmagyň, düşünişmezlikleri, köpçüligiň aňyna ornaşan ters garaýyşlarydyr pikirleri ýeňip geçmegiň wajyp we aýrylmaz bölegine öwrülmäge gönükdirilendir. Bu işde parlament hem-de halk diplomatiýasyna, zenanlaryň, ýaşlaryň, sport wekilleriniň gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Bu ýyla BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen “Geljegiň sammitinde” kabul edilen “Geljegiň hatyrasyna pakty” iş ýüzünde durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan seredilýär. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz onuň Jemleýji resminamasynda beýan edilen ähli maksatlara ýetmek üçin tagallalary eder.
Şeýlelikde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Aýna SÄTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Teswirler