Hytaý wizasy üçin onlaýn arza ulgamy işe girizilýär

Türkmen raýatlarynyň Hytaýa wiza almagyny ýeňilleşdirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Hytaýa wiza almak üçin onlaýn arzalaryň kabul edilmegini resmi taýdan işe girizýär (https://consular.mfa.gov.cn/VISA/).

Hytaýa sapar guramak isleýän arza tabşyrýanlara anketany doldurmak we iň möhümi — ähli zerur resminamalary onlaýn görnüşde ýüklemek mümkinçiligi döredilýär. Bu bolsa nobata garaşmak, ýalňyşlyklary düzetmek we yetmeýän maglumatlaryň üstüni dolmak ýaly ýagdaýlara sarp edilýän wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berer. Ulgamda arza beriji kabul edilmek üçin çagyrylanda, ol diňe anketanyň birinji sahypasyny we pasportlaryny alyp, konsullyk kabul edişlige gelmeli bolar.

Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň konsuly, arzalaryň tiz garalmagy üçin resminamalaryň düşnükli we okalýan görnüşde ýüklenilmeginiň möhümdigine ünsi çekýär.


atamekanterjime

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok