11-nji iýunda Türkmenistanyň dokma senagatynyň ösüşine we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Giň gerimli sergi milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň mümkinçiliklerini, öňdebaryjy gazananlaryny, täze öndürýän önümlerini tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge amatly şertleri döredýär.
11-nji iýunda irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň öňündäki baýramçylyk öwüşgininde bezelen meýdança halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin köp sanly adamlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Soňra hemmeler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Soňra ýygnananlar sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar bilen tanyşdylar. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalarynyň, daşary ýurtlardan dokma enjamlaryny, dokma senagaty üçin boýag we himiki serişdeleri, çig mal, gaplaýjy we önümçilik serişdelerini öndüriji, üpjün ediji kompaniýalaryň 110-a golaýy öz diwarlyklary bilen gatnaşýar. Şolaryň 60-dan gowragy daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary we belli moda birleşmeleridir.
Ýeri gelende belläp geçsek, halkara gözden geçirilişiň maksatnamasy özara tejribe alyşmak, häzirki zaman moda ýörelgeleri barada bilimleri artdyrmak üçin hem giň mazmunly çäreleri özünde jemleýär. Bu ýerde lybaslary bezemekde ulanylýan ýörgünli we öňdebaryjy däpler bilen tanyşdyrýan, ululardyr çagalar üçin egin-eşikleri, dokma serişdelerinden oýunjaklary taýýarlamak babatda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň dizaýnerleriniň ussatlyk çykyşlary guralýar.
Teswirler