Tomus aýlarynda iň köp islenilýän miweleriň biri bolan garpyz diňe bir serginlik berýän tagamy bilen däl, eýsem saglyk üçin hem sanardan köp peýdalary bilen tapawutlanýar. Suwuklyk derejesiniň ýokary bolmagy sebäpli bedeniň suw deňagramlylygyny saklamaga ýardam edýän garpyz, şol bir wagtyň özünde ýürek saglygyny goraýar, deriniň görnüşini gowulandyrýar, iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar we immunitet ulgamyny güýçlendirýär. Bu peýdalary bolsa garpyzyň düzüminde bar bolan baý witaminler, minerallar we likopen ýaly güýçli antioksidantlar arkaly bedeniň umumy saglygyna uly goşant goşýar.
Garpyz suwa baý bolany üçin diuretik aýratynlyga eýedir, ýagny ýygy-ýygydan peşew çykarmaga sebäp bolýar. Şonuň üçin tomus aýlarynda ödem (suw tutulmagy) meselesi bolan adamlar üçin bu miwe täsirli tebigy serişde hasaplanýar. Mundan başga-da, garpyz düzümindäki süýüm (kletçatka) bilen sagdyn iýmit siňdiriş ulgamy üçin kadaly işlemegi üpjün edýär.
Garpyzyň düzüminiň 92% suw bolany sebäpli bedeniň suw deňagramlylygyny saklamaga ýardam edip, adamda dokluk duýgusyny döredýär. Şeýle-de, ýokary süýüm derejesi bilen köp kaloriýa kabul etmezden dok galmagy üpjün edýär.
Garpyzyň düzüminde bar bolan kaliý we magniý maddalary gan basyşyny peseldýär. Düzümindäki kaliý gan damarlarynyň we arteriýalaryň dartgynlygyny ýeňilleşdirip, gan akymyny güýçlendirýär. Bu bolsa ýürek-damar ulgamyndaky stres derejesini peseldýär.
Garpyzda bar bolan karotinoidler gan damarlarynyň diwarlarynyň gatamagynyň öňüni alyp, gan basyşynyň ýokarlanmagy, insult, ýürek durmasy we damar dykylmasy ýaly töwekgelçilikleri azaltmaga ýardam edýär. Geçirilen barlaglar iýmitlenmegiň ýürek saglygyna uly täsir edýändigini görkezýär.
Garpyzyň düzüminde sitrulin atly aminokislota bar, bu bolsa bedendäki azot oksidi derejesini ýokarlandyrýar. Azot oksidi gan damarlarynyň giňelmegine ýardam edýär, bu bolsa gan basyşynyň peselmegine getirýär. Şeýlelik bilen ýürek saglygyny goramaga kömek edýär.
Garpyz A we C witaminlerine baý bolanlygy sebäpli saç we deri üçin hem örän peýdalydyr. A witamini deriniň nemlenmegini üpjün edýän sebumyň öndürilmegine ýardam edýär. Şeýle hem, garpyzyň ýokary suw derejesi derä janly we owadan görnüş berýär. C witamini bolsa kollagen atly belogyň öndürilmegine ýardam edýär, bu bolsa derini sagdyn, çeýe we güýçli edýär.
Güljemal ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler