Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Tailandyň ýygyndysy bilen duşuşyk geçirdi. “D” toparçada alnyp barlan bu duşuşyk Aşgabatdaky köpugurly stadionda bolup geçdi. Milli ýygyndymyz bu duşuşykda 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Oýna ýokary tizlik bilen başlan türkmen futbolçylary eýýäm ilkinji minutda Mihail Titowyň geçiren pökgisi bilen hasaby açdy. Duşuşygyň 35-nji minutynda bolsa, tailandly Supaçai Çaided garşylyk görkezip, hasaby deňledi – 1:1.
Emma bu ýagdaý uzak dowam etmedi. 37-nji minutda Yhlas Saparmämmedow ýurdumyzyň ýygyndysyny ýene-de öňe çykardy – 2:1. Oýunda artykmaçlyk bilen çykyş eden türkmen futbolçylary 66-njy minutda Mekan Saparowyň pökgisi bilen hasaby 3:1-e ýetirip, ýeňşi üpjün etdiler.
Şu netijesi bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyrda geçiren iki duşuşygynyň ikisinde hem ýeňiş gazanyp, jemi 6 utuk toplady.
Ilkinji tapgyrda milli ýygyndymyz Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny onuň meýdançasynda 2:1 hasabynda ýeňipdi.
Saýlama tapgyrynyň netijesinde toparlarynda birinji orny eýelän toparlar Aziýa Kubogy — 2027-niň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bu halkara ýaryş Saud Arabystanynyň çäklerinde geçiriler.
Teswirler