Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýagşylyk ýörelgelerine esaslanýan işleriniň amala aşyrylýandygyna dört ýyl boldy. Şu döwürde 500-den gowrak näsag çaga çylşyrymly operasiýalar üstünlikli amala aşyryldy. Bu bolsa Gaznanyň serişdeleri esasynda her aýda ortaça 12 çaganyň saglygynyň dikelýändiginden habar berýär. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
2025-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda Daşoguz welaýatyndaky dikeldiş bejergilerine mätäç körpeje çagalary Arkadag şäherindäki enäniň we çaganyň sagaldyş merkezinde ýatymlaýyn bejergi aldylar. Lebap welaýatyndaky dikeldiş bejergilerine mätäç körpejeleriniň dikeldiş bejergilerine badalga berildi. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda, Arkadag şäheriniň enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saglygy goraýyş merkezlerinde, doga daýanç hereket ulgamyndan, nerw ulgamyndan, göz kesellerinden ejir çekýän çagalara ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan, ortopediki, neýrohirurgiki, awtolmologiki hem-de kardiohirurgiki operasiýalar üstünlikli amala aşyryldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde doga merkezi nerw ulgamy keselinden ejir çekýän Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy 1 aýlyk çaga ýerli lukmanlarymyz tarapyndan neýrohirurgiki bejeriş operasiýasy üstünlikli amala aşyrdy. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde doga daýanç hereket ulgamynyň keselinden ejir çekýän Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy 12 ýaşly çaga hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjysy 2 ýaşly çaga Arkadag şäheriniň köpugurly hasshanasynda bolsa doga daýanç hereket ulgamynyň keselinden ejir çekýän Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy 8 ýaşly çaga ortopediki, hirurgiki bejeriş operasiýalary ýerli lukmanlarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyryldy. Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda göz keselinden ejir çekýän Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy 4 ýaşly çaga ýerli lukmanlarymyz tarapyndan awtolmologiki, hirurgiki bejeriş operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde doga daýanç hereket ulgamynyň keselinden ejir çekýän Mary welaýatynyň ýaşaýjysy 14 ýaşly çaga ýerli lukmanlarymyz tarapyndan ortopediki, hirurgiki bejeriş operasiýasy geçirildi. Halkara saglyk merkezler müdiriýetiniň halkara kardiologiýa merkezinde Mary welaýatynyň ýaşaýjysy 8 ýaşly çaga ýerli lukmanlarymyz tarapyndan kardiohirurgiki bejeriş operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy.
Teswirler