2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli, Aşgabat şäherinde maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Çäräniň temasy “Ekologiýa üçin innowasiýalar we telekeçilik başlangyçlary” boldy.
Oňa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we ondan başga birnäçe ýokary okuw jaýalaryň talyplary gatnaşdy Maslahatda birnäçe çykyşlar boldy. Ilkinji çykyş eden, Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Arazbike Jumäýewa bolup, ol ýurdumyzyň ekologiýa ulgamyndaky ösüşleri we jemgyýetçilik guramalarynyň edýän işleri hakynda durup geçdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy we Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň işjeň agzasy hökmünde Merdan Ataýew çykyş etdi. Ol çykyşynda ýaşlaryň arasynda ekologiýa bilen bagly “Ýaşyl endikleri” ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Merdan Ataýew ýaşlaryň gündelik durmuşynda tebigata hormat goýmak, gaýtadan ulanylýan serişdeleri ulanmak ýaly ekologiýa taýdan peýdaly endikleriň ösdürilmeginiň diňe bir daşky gurşawy goramak bilen çäklenmän, olaryň jemgyýetçilik jogapkärçiligini hem ösdürýändigini belläp geçdi.
Maslahatyň dowamynda Ogulnabat Ataýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy hökmünde “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” barada çykyş etdi. Şeýle-de, Bossan Rejepowa we Güljemal Pirliýewa dagy degişli ugurlar boýunça çykyş etdiler.
Teswirler