Türkmen ýaşlary ARBIChO 2025 Halkara Himiýa olimpiadasynda ýokary netijeler gazandy

Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Taşkent​ şäherinde Abu Reýhan Biruni adyndaky Halkara Himiýa Olimpiadasy (ARBIChO​ 2025 ) ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu halkara derejeli bilim bäsleşigine dünýäniň 14 ýurdunyň 110 -dan gowrak okuwçysy gatnaşyp, öz bilim derejesini we ylmy başarnyklaryny synagdan geçirdiler. Olimpiada iki tapgyrda — teoretiki we amaly synag görnüşinde geçirildi. Okuwçylar 4 sagat dowam eden teoretiki tapgyrda çylşyrymly himiki meseleleriň çözgüdini işläp taýýarladylar, 90 minutlyk amaly tapgyrda bolsa laboratoriýa tejribeleri arkaly ylmy çemeleşmeleri görkezmekde bäsleşdiler. Bu olimpiada ýaşlaryň himiýa ylmyna bolan höwesini artdyrmak, halkara bilim gatnaşyklaryny giňeltmek we ylmy taýdan zehinli nesli ýüze çykarmak ýaly möhüm maksatlara hyzmat edýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümini bu ýaryşa öňdebaryjy okuwçylardan düzülen topar emele getirdi. Netijede, bäsleşige gatnaşan ýurdumyzyň sekiz okuwçysynyň ählisi medal bilen baýrakly orunlara mynasyp boldular. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary Diýar Döwletow​, Pälwan Ilmämmedow​, Rüstem Jumaýew we Jeren Akmyradowa kümüş medallara mynasyp boldular. Şol bir wagtyň özünde bu mekdebiň okuwçylary Aýlar Orunowa​ hem-de Näzli Serdarowa​ bürünç medallara eýe boldular. Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň okuwçysy Artur Bekpoladow​ hem-de Aşgabat şäherindäki himiýa, biologiýa we iňlis dili dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Hakan Annanyýazow​ bürünç medal bilen sylaglandy. Türkmenistanyň ýaşlarynyň bu halkara olimpiadada gazanan ýokary netijeleri ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem-de ýaşlaryň ylmy ukyplarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

Çary AKMYRADOW.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok