Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy futbol topary (U17) Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Olar üçünji orun ugrundaky oýunda Gyrgyzystanyň ýygyndysyny ýeňmegi başardylar.
Bäsleşikde 6 ýurt gatnaşyp, toparlaýyn tapgyra bölündi. Türkmenistanyň topary “B” toparçada çykyş edip, ilkinji oýunda Owganystanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Soňra bolsa Täjigistanyň ýygyndysyndan 1:4 hasabynda ýeňlip, 3 utuk bilen toparçada ikinji orny eýeledi.
Gyrgyzystanyň ýygyndysy bolsa “A” toparçada Eýranyň ýygyndysyny 4:3 hasabynda ýeňip, Özbegistandan 1:5 hasabynda utuldy we şeýlelikde, hem 3 utuk bilen ikinji orna çykdy.
Üçünji orun üçin geçirilen oýunda esasy wagtyň dowamynda hasap açylmady — 0:0. Netijede, ýeňijini kesgitlemek üçin 11 metrlik jerime urgularyna geçildi. Türkmenistanyň derwezebany Azym Abaýew ilkinji urgyny saklap, duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Iki topar hem bäşinji tapgyra çenli jerime urgularyny üstünlikli ýerine ýetirdi. Şonda türkmen oýunçysynyň urgusy garşydaş derwezeban tarapyndan saklandy. Soňra toparlar goşmaça tapgyrlarda hem jerime urgularyny dowam etdirdiler. Üçünji goşmaça tapgyrda Azym Abaýew ýene-de topy saklap, Türkmenistanyň toparyna 7:6 hasabynda ýeňiş getirdi.
Şeýlelikde, türkmen ýetginjekleri bu çempionatda ilkinji gezek bürünç medal gazanmagy başardylar. Bu üstünlik topar baş tälimçisi Ahmet Allaberdiýewiň ýolbaşçylygynda gazanyldy.
Teswirler