Amerikanyň “Microsoft” korporasiýasy Şweýsariýada bulut ulgamlaryny we emeli intellekt infrastrukturasyny ösdürmek üçin 400 million dollarlyk maýa goýum işini amala aşyrýar.
Bu barada “Microsoft”-yň wise-prezidenti Bred Smit Şweýsariýanyň ykdysadyýet ministri Gi Parmelen bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Onuň bellemegine görä, Şweýsariýa ylmy açyşlary amaly taýdan peýdalanmakda öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girip, dünýäde iň güýçli innowasion gurşawy döredip biler.
“Reuters” agentliginiň habar bermegine görä, bu maýa goýum kompaniýanyň Ženewa we Sýurih şäherleriniň etegindäki dört maglumat merkezini giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak işlerine gönükdirilýär. Bu taslama, aýratyn-da, bulut hyzmatlaryna hem-de emeli intellekt tehnologiýalaryna artýan islegleri kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, ýurduň çäginde maglumatlary saklamak talaplaryny – hususan-da maliýe, döwlet we saglygy goraýyş pudaklary üçin – ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.
Şeýle hem, “Microsoft” kompaniýasy kiçi we orta telekeçiler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi, sanly mümkinçilikleri we emeli intellekt tehnologiýalaryny ulanmak boýunça bilim taslamalaryny ösdürmegi meýilleşdirýär.
Teswirler