Hytaýyň “China Energy” kompaniýasy Hazar deňzinde giň göwrümli ýel energetikasy taslamasyny durmuşa geçirmek isleýär. Bu kompaniýa Azerbaýjanyň çägindäki deňizde gurulmagy meýilleşdirilýän 200 megawattlyk ýel elektrik stansiýasy bilen baglanyşykly mümkinçilikleri öwrenýär.
“Report” agentliginiň maglumatyna görä, bu barada Bakuwda geçirilýän Energetika hepdeliginiň çäklerinde “China Energy Engineering Corporation Limited” kompaniýasynyň wise-prezidenti Bo Wan žurnalistlere habar berdi.
Ol özüniň çykyşynda Azerbaýjanyň Energetika ministrligi bilen bilelikde Gün we deňiz ýel energetikasyna maýa goýmak babatda hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy. Şeýle hem ol häzirki wagtda Azerbaýjanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň giňden ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak barada degişli edaralar bilen maslahat geçirilýändigini belledi.
Bo Wan şu wagt Fizuli welaýatynda kuwwaty 160 megawatt bolan Gün elektrik stansiýasynyň taslamasynyň hem-de deňizde guruljak 200 megawattlyk ýel elektrik stansiýasy boýunça mümkinçilikleriň öwrenilýändigini mälim etdi.
Şeýle-de kompaniýanyň wise-prezidenti Azerbaýjanda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegine ýardam bermek üçin elektrik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Azerbaýjanyň Energetika ministrligi bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilendigini nygtady.
Teswirler