Türkmen zyýaratçylary haj saparynda

Ýakynda Türkmenistandan 2844 adam haj parzyny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystanynyň Mekke we Medine şäherlerine ugradyldy. Şolaryň arasynda 289 adamyň haj sapary döwlet tarapyndan maliýeleşdirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.

Zyýaratçylaryň arasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen raýatlar bar. Gurban baýramynyň günlerinde olar beýleki ýurtlardan gelen musulmanlar bilen bilelikde Watanyň parahatçylygy, halkyň agzybirligi we ýolbaşçylaryň saglygy üçin doga edýärler.

Her ýyl haj döwründe Türkmenistandan müňlerçe adam bu mukaddes borjy ýerine ýetirýär. Bu ýagdaý halkymyzyň milli däplerine we dini ynançlaryna sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Zyýaratçylaryň bellemegine görä, şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň hem-de ruhy gymmatlyklara aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok