Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak marafony” geçirildi. Çäre Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, şäher häkimligi we “Run-Rush” hereketi tarapyndan guraldy. Bu çärä dürli ýaşdaky 517 adam gatnaşdy.
Marafonyň esasy maksady sporty, dostlugy we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekdir. Ýaryşa gatnaşmak hemmeler üçin açykdy we her gatnaşyja başlangyç belgisi we ýadygärlik köýnegi berildi.
Marafon irden sagat 7:30 başlandy. Gözel ylgaw ýoly Türkmenistanyň Garaşsyzlyk seýilgähiniň daşyndan geçýärdi. Gatnaşanlar üçin üç aralyk berildi: 16 ýaşa ýetmedik çagalar üçin 2 km aralyk ulular bilen bilelikde, 16 ýaşdan uly gatnaşyjylara 5 km we 10 km aralyk berildi.
Guramaçylar, çagalar üçin ýörite iýmit meýdançasy, şeýle hem has uzak aralykdaky gatnaşyjylar üçin suwaryş we täze miweler nokatlary goýmak bilen gatnaşyjylaryň rahatlygyny üpjün etdiler.
Irden sagat 9:30 çenli marafonyň netijeleri jemlendi. Ýeňijilere mynasyp bolan baýraklary we sowgatlary gowşuryldy, gatnaşyjylaryň ählisi bolsa sport festiwalyndan oňyn duýgulary başdan geçirdiler.
Esasy sport ýaryşyndan başga-da, gurnaýjylar, gatnaşyjylaryň hemmesine hakyky baýramçylyk we joşgunly gurşawy döretmäge mümkinçilik berýän güýmenje ýaryşlaryny hem gurnadylar.
Bu “Parahatçylyk we ynanyşmak marafony”, parahatçylygy we jebisligi berkitmäge gönükdirilen Ýewropa gününi bellemegiň çäginde Türkmenistanda geçirilen şeýle uly göwrümli ilkinji sport çäresi boldy.
Teswirler