Hazarýaka döwletleriň diplomatik gatnaşyklary

2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Astrahandaky General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda suw ulaglary boýunça häzirki zaman çözgütlerine hem-de «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Astrahandaky Konsuly Gadam Ilamanow, Astrahan oblastynyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Ilýa Wolinskiý, şeýle hem bu sebitiň daşary gatnaşyklar ministriniň orunbasary Ilýa Toropitsyn we Hazarýaka döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Hazar sebitindäki ýurtlaryň arasynda durnukly logistika ulgamynyň kemala gelmeginde suw ulagynyň möhüm baglanyşyk hökmünde tutýan orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Konsuly öz çykyşynda ýurdumyzy halkara logistika ulgamyna birleşdirmek boýunça alnyp barylýan tagallalar barada durup geçdi. Şeýle-de goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag aragatnaşyklaryny ösdürmek we «Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň möhüm merkezi bolup durýan Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işlere ünsi çekdi.

Bu çäre halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ädimleriniň biri bolup, Ýewraziýa giňişliginde netijeli, durnukly we özara bähbitli ulag ulgamyny döretmek boýunça döwletleriň umumy islegini görkezdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok