Sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Owganystanyň milli elektrik üpjünçilik kompaniýasy “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) Türkmenistanyň, Owganystanyň we Päkistanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän TAP elektrik geçiriji taslamasy boýunça tehniki maslahat geçirdi. Maslahata daşary işler, maliýe, ykdysadyýet, senagat we söwda, energetika hem-de suw serişdeleri ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

DABS-yň baş direktory Abdul Bari Omar maslahatda çykyş edip, TAP taslamasynyň sebitleýin ykdysady ösüş üçin örän möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy. Ol şeýle iri infrastruktura taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin “aç-açanlygyň we milli ylalaşygyň” zerurdygyny aýratyn belledi.

Duşuşykda öňki şertnamalaryň gaýtadan gözden geçirilmegi, ýol kartasynyň düzülmegi, hereketleriň anyk meýilnamasynyň taýýarlanmagy we bu transmilli energetika taslamasynyň geljekki tapgyrlary boýunça duşuşyklaryň meýilleşdirilmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, “Bakhtar news” habar berýär.

TAP geçirijisi ulanylmaga berlenden soň, Owganystan Türkmenistandan ýylda 1000 megawat elektrik energiýasyny import edip, ony Päkistana ibermäge mümkinçilik alar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurduň senagatynyň ösüşini çaltlandyrar we elektrik energiýasyna bolan elýeterliligi giňelder diýip, habarda nygtalýar.

Şeýle hem, bu duşuşyk Owganystanyň Premýer-ministriniň diwanynyň görkezmesi esasynda geçirilip, ýurduň sebitleýin energetika hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok