Kiýewde Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

2025-nji ýylyň 25-nji maýynda Kiýewde ýerleşýän Magtymguly adyndaky kitaphananyň uly zalynda Aşgabat şäheriniň güni we Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralan serginiň «Türkmenleriň medeniýeti we durmuşy. Halyçylyk» atly jemleýji tapgyry geçirildi. Bu çäre barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berdi.

Dabaraly sergä Türkmenistanyň Kiýewdäki Ilçihanasynyň işgärleri, ýaş suratkeşler we olaryň ene-atalary, çaga ýazyjylary, kitaphana işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu sergi Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň Okuwdan daşary çäreler merkezine degişli «Мистецтвознавці» döredijilik birleşiginiň ýaş suratkeşleriniň gatnaşmagynda baýramdan bir hepde öň açylypdy.

Çykyş edenler türkmen halylarynyň bezeglerinde halkymyzyň taryhy döwürleriniň, ruhy we medeni gymmatlyklarynyň öz beýanyny tapýandygyny nygtadylar. Şeýle hem, ÝUNESKO tarapyndan türkmen halyçylyk sungatynyň dünýäniň medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilmegi bilen, türkmen halylaryna halkara derejesinde gyzyklanma has-da artandygyny bellediler.

Çäräniň dowamynda «Iki mergen» atly türkmen halk ertekisi ukrain dilindäki ses ýazgysy arkaly tomaşaçylara hödürlenildi.

Didar HALIMOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok