1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Bagtyýar çagalyk döwrüniň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrülen Garaşsyz Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanyp, çagalar üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglary we orta mekdepler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Garaşsyzlygymyzyň taryhynda bu beýik işler aýratyn orna eýedir.

Eneleriň we çagalaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak maksady bilen kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegi, durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi, şeýle hem «Ene mähri» saglyk merkezleriniň açylmagy — ýaş nesliň sagdyn ösüşini hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Her ýylyň 1-nji iýunynda tomus paslynyň ilkinji güni bilen bilelikde Çagalary goramagyň Halkara güni hem dabaraly bellenilýär. Bu senäniň çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan tomus dynç alyş döwrüne gabat gelmegi olaryň şatlygyny has-da artdyrýar.

Çagalar — biziň geljegimizdir. Halkymyzda aýdylýan: «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýen söz hem körpe nesle goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň» ýaly pähimlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda eneligi we maşgala gymmatlyklaryny goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge aýratyn üns berilýär.

Döwletimiz ähli çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegini, olaryň sagdyn ösüşini, bilim we terbiýe mümkinçiliklerinden peýdalanmagyny, täze zatlary öwrenmegini, dostlary hem-de maşgalasy bilen bagtly ýaşamagyny üpjün etmek üçin yzygiderli alada edýär.

Orazmuhammet ORAZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok