Ylym-bilim ulgamyndaky halkara tejribeler

2025-nji ýylyň 22-23-nji maýy aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Bilim departamentiniň guramagynda Sian şäherinde geçirilen “Ýüpek ýolunyň ugrunda senagat, bilim, gözleg we amaly hyzmatdaşlyk – 2025” atly halkara maslahatyna gatnaşyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri hem-de ylmy merkezleri bilen halkara derejesinde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde tejribelerimizi has-da baýlaşdyrdyk. Bu halkara foruma ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, has takygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Dostlukly döwletde ýokary derejede guralan halkara çäresinde eziz Watanymyz Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde uly işleri durmuşa geçirýändikleriniň, bu ugurda ählumumy başlangyçlaryny öňe sürýändikleriniň aýratyn bellenilmegi bizde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Munuň özi ýer ýüzünde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň geljekki hünärmenleri ýetişdirmekdäki alyp barýan işleri, bu ugurda durmuşa geçirilýän maksatnamalar barada giňişleýin gürrüň berdiler. Geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada özara pikir alşyldy. Mundan başga-da taraplar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda birnäçe teklipleri öňe sürdüler we şol teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hytaý Halk Respublikasyna saparymyzyň biziň hakydamyzda ýatdan çykmajak wakalarynyň biri hem Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň Merkezi Aziýany öwreniş ylmy-barlag merkezinde “Türkmenistanyň ylmy-barlag merkeziniň” açylyş dabarasyna gatnaşmagymyz boldy. Täze merkeziň açylmagy iki döwletiň arasynda ylym ulgamyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde we özara bähbitli tejribeleri alyşmakda möhüm orny eýelär.

Ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen halkara foruma gatnaşyjylar üçin ýörite taýýarlanylan medeni maksatnama laýyklykda biz dünýäniň dürli künjeginden gelen kärdeşlerimiz bilen birnäçe çärelere işjeň gatnaşdyk.

Şeýle saparlaryň yzygiderli guralmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde we pugtalandyrmakda uly mümkinçilikleri döredýär.

Halkara tejribäni öwrenmekde döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy beýan edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, döwletli tutumlary rowaç bolsun!

Söhbet WEKILOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň
“Maliýe” kafedrasynyň
uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok