Jemagat hojalygy pudagyny ösdürmek, ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Şunuň bilen baglylykda, düýn geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly maslahatda bu ugurda degişli ylalaşyklara gol çekildi.
Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnamalara gol çekildi.
Maslahatda çykyş eden hytaý kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Kris Fu umumy bahasy 60 million dollara barabar bolan ekologik taýdan arassa tehnikalar getiriljekdigini mälim etdi.
Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, getiriljek ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalary Türkmenistanyň howa şertlerine laýyk geler.
Teswirler