Oba-senagat toplumynda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýeti we häzirki zaman meseleleri

Türkmenistanyň obasenagat toplumy ýurdumyzdaky azyk üpjünçiligini üpjün edýän hem-de ykdysady ösüşiň möhüm bölegi hökmünde strategik ähmiýete eýe bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ulgamda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy, döwrebap dolandyryş usullary girizilip, sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Bu çäreler oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, çig mal bilen üpjünçiligi kämilleşdirmäge we ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet tarapyndan kabul edilen sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäginde, obasenagat toplumyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen önümçilikde awtomatlaşdyrma işleri güýçlendirildi. Şeýle hem, resminamalaryň elektron görnüşde dolanyşygy, GPS we telematika ulgamlarynyň ulanylmagy netijesinde ýerleriň peýdalanylmagyna we serişdeleriň tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredilýär.

Sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen oba hojalygynda tohum sepmegiň, dökün dökmegiň we hasyl ýygnamagyň takyklygy ýokarlandy. Mundan başga-da, tehnikalaryň iş ýagdaýyna uzak aralykdan gözegçilik etmek mümkinçiligi üpjün edilip, zähmet öndürijiligi ep-esli ýokarlandy. Bu bolsa oba hojalyk pudagynda diňe bir netijelilige däl, eýsem ekologiýa taýdan arassa önümçilige hem ýol açýar.

Şeýle-de, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň tejribesi öwrenilip, ýurdumyzyň şertlerine laýyklykda ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň giňden ýaýramagy diňe bir önümçilik bilen çäklenmän, dolandyryş ulgamynda, statistiki maglumatlaryň ýygnalyşynda we bazar talaplarynyň seljerilmeginde hem uly mümkinçilikleri döredýär.

Nepesmyrat AHMETGULYÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet
gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak
okuwynyň Döwlet dolandyryş ugrynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok