Ýakynda hem mälim edişimiz ýaly, ýurdumyzda 2024-2025-nji okuw ýyly üstünlikli jemlendi. Mary welaýatymyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda okuw ýylyny netijeli jemläp, tomus sagaldyş möwsümine guramaçylykly girişen çagalar bakja-baglary barada bellenilende olaryň sanawyna şu aşakdakylary hem goşmak ýerliklidir. Şeýle çagalar bakja-baglarynyň bilim işgärleriniň edýän çykyşlarynda, maglumatlarynda we hasabatlarynda hem biz muňa has anyk göz ýetirýäris. Çagalary goramagyň Halkara gününiň öňisyrasynda körpeleriň we olara terbiýe berýän bilim işgärleriniň üstünlikleri hakyndaky söhbete dowam bermek bolsa has-da ýakymly. Ine, olaryň käbiri şeýle belleýär.
Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
47-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Maral Jumageldiýewa:
—Biz çagalara rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagymyzda geçen okuw ýylynyň iş meýilnamasyny maksadalaýyk ýerine ýetirdik. Yglan edilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, oňyn netijelere eýe bolduk. «Ýylyň iň gowy çagalar bakja-bagy» diýen ada mynasyp bolup, bu ugurda geçirilýän bäsleşikde baş baýragy eýeledik. Şeýle-de çagalar bakja-bagymyzyň pedagogik işgärleri we körpeleri bolup, «Ýylyň terbiýeçisi-2025», «Iň gowy topar otagy», «Iň gyzykly Täze ýyl şüweleňi», «Körpeje ekologlar» ýaly bäsleşikleriň welaýat tapgyrynda esasy orunlara mynasyp bolduk. Şeýle bäsleşiklerde we beýleki pedagogik, usuly-guramaçylyk çärelerde baýraklary orunlary gazanmak biziň ähli işgärlerimizi, çagalarymyzy we ata-eneleri tüýs ýürekden begendirýär. Okuw ýylynyň dowamynda geçirilen ähli çärelere işjeň gatnaşmak bilen ýurdumyzda körpe nesiller hakynda edilýän aladalaryň durmuşa geçirilmegine, olaryň sagdyn bedenli, milli terbiýeli, döwrebap bilimli kemala gelmeklerine goşant goşýandygymyza biziň her birimiz özümizi bagtly hasaplaýarys. Sebäbi ajaýyp zamanamyz we zähmet çekmek üçin ähli mümkinçiliklerimiz bar. Kämilleşip işlemäge, döredijilikli taslamalary durmuşa geçirmäge döredilýän mümkinçilikler we şertler bilim ulgamynyň kuwwatyny artdyrmaga itergi berýär.
Mary şäheriniň 29-njy çagalar bakja-bagynyň
müdiri Ogulsuraý Nurlyýewa:
—Täze we döwrebap binasy bilen şäherimiziň gözelligine görk goşup otyran çagalar bakja-bagymyzda biz hem yhlasly zähmet çekmegi dowam edýäris. Geçen okuw ýylynda çagalarymyz we ähli işgärlerimiz bilen birlikde dürli bäsleşiklerde abraýly orunlary eýeläp bellenilmäge mynasyp sepgitlere ýetdik. Biziň çagalar bakja-bagymyzda şäher we welaýat derejesindäki çärelerdir, bäsleşikler geçirildi. Olara özümiz hem işjeň gatnaşyp bilim-başarnyklarymyzy, usuly taýýarlygymyzyň hilini we mazmunyny açyp görkezdik. Ýeri gelende bellesek, okuw ýylynyň ilkinji aýynda geçirilýän «Ýaşyl yşyk» ady bilen geçirilýän köçe –ýol hereketiniň kadalary boýunça bäsleşikden başlap, okuw ýylynyň ahyrynda geçirilýän çagalar bakja-baglarynyň aşpezleriniň we şepagat uýalarynyň bäsleşiklerine çenli esasy orunlara eýe bolduk. Okuw möwsüminde baş baýraklara, dürli orunlara eýe bolmak bilen körpelerimiz we işgärlerimiz geljegiň täze menzillerine has-da ruhlandylar. Degişli döwürlerde dynç alyş möwsümleriniň şadyýan we ruhubelent geçirilmegi, baýramçylyk ertirlikleri we beýleki medeni çäreler bagtyýar nesillerimiziň has sagdyn kemala gelmegine itergi berdi. Okuw ýylyny üstünlikli jemläp, birnäçe körpeleri ak mekdebe sary ýolladyk. Tomus möwsümini geçirip, täze okuw ýylynda olar mekdep bosagasyndan gadam basarlar we çagalar bakja-bagynda öwrenenlerini görkezip biziň abraýymyzy has-da galdyrarlar diýip ynanýarys.
Sakarçäge etrabynyň «Bagtyýar nesil» atly 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Orazbibi Muhammetdurdyýewa:
—Ýakynda jemlenen okuw ýylynda mekdebe çenli bilim we terbiýe düzümlerinde usuly işleri kämilleşdirmäge hem aýratyn üns berildi. Çagalar bakja-bagymyzda biz hem ýyllyk iş meýilnamasy esasynda usuly sagatlary maksadalaýyk geçirip, degişli temalary netijeli özleşdirdik. Çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçileriniň, aýdym-saz ýolbaşçylarynyň we daşary ýurt dili mugallymlarynyň gatnaşmagynda usuly sagatlaryň amaly we nazary bölümlerinde birnäçe maglumatlar özleşdirildi. Şol sanda usuly otagy enjamlaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işler hem mynasyp ýerine ýetirildi. Bu babatda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça elektron maglumat gorunyň üstüni ýetirmäge işjeň çemeleşdik. Gazanylan netijeler geljekde umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde oňyn tejirbe toplamaga itergi berer. Ýeri gelende halypa-şägirtlik, öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmek boýunça meýilnamalaryň pedagogik talaplara laýyklykda hem-de sanly neşirlerde we habar beriş serişdelerinde çykyşlarymyzy, döredijilik işlerimizi dowam edýändigimizi bellemek bolar.
Tagtabazar etrabynyň 19-njy çagalar bakja-bagynyň
müdiri Bahar Nazarowa:
—2024-2025-nji okuw ýylyny üstünlikli jemläp, tomus sagaldyş möwsümine girişýäris. Bu möwsüm üçin gyzyklanma çäreleriň tertibi taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Degişli meýilnama esasynda çagalar bakja-bagymyzyň körpeleri tomus şadyýanlygy, ruhubelentligi bilen dynç alarlar, wagtlaryny hoş geçirerler. Bu döwürde toparlarda ýaş aýratynlyklaryna görä çagalar bilen hereketli oýunlar, aýdym-sazly göwnaçmalar, gyzyklanma çäreleri, ertekiler dünýäsine gezelençler, duýgulary ösdürji öwrediji oýunlar guralýar. Şeýle-de bu möwsümde çagalar tomus taplama çäreleri arkaly bedenlerini berkiderler we tebigy taýdan taplanalarlar. Çagalar bakja-bagynda alnyp barylýan bu işler körpeleriň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmakda oňyn ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, bilim-terbiýeçilik işleriniň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler bizi has yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär.
Taýýarlan: Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.
Teswirler