Ösümlikleriň fermentleýji häsiýetleri

Tebigat adamzady dürli peýdaly serişdeler bilen üpjün edýär. Olaryň arasynda ösümlikleriň biologik täsirli düzüm bölekleri, aýratyn-da, fermentleýji häsiýetleri barha giňden öwrenilýär. Ösümlikleriň fermentleýji ukyby azyk senagatynda, derman önümçiliginde we lukmançylykda möhüm ähmiýete eýedir.

Ferment näme?

Ferment – bu bedendäki himiki täsirleri tizleşdirýän biologiki katalizatorlardyr. Olar diňe bir adam ýa-da haýwan bedeninde däl, eýsem ösümlikleriň hem tohumlarynda, ýapraklarynda, köklerinde we miwelerinde duş gelýär. Fermentleýji häsiýet – ösümlikleriň belli şertlerde himiki maddalary bölüp ýa-da täze maddalary emele getirip bilmek ukybydyr. Ösümlikleriň düzümindäki fermentler käbir maddalary ýönekeý düzüm böleklerine bölýär. Mysal üçin, laktozany, sellýulozany ýa-da škroby fermentasiýa arkaly bölüp bolýar.

Meşhur fermentleýji ösümlikler

  • Ananas – onuň düzümindäki bromelain fermenti beloklary döwýär, iýmit siňdirişini ýeňilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde, bromelain dürli agyry garşy dermanlaryň düzüminde ulanylýar.
  • Soýa – fermentlenende peýdaly mikroorganizmler we aminosireler bilen baýlaşýar. Tempeh, miso, natto ýaly önümler muňa mysaldyr.

Fermentasiýanyň peýdalary

Iýmit siňdirişini gowulandyrýar witaminleriň we antioksidantlaryň mukdaryny artdyrýar immunitet ulgamyny güýçlendirýär bedendäki zäherli maddalaryň çykarylmagyna kömek edýär mikroflora täsir edip, sagdyn mikrobiom döredýär.

Fermentleriň lukmançylyk we senagat taýdan ähmiýeti

Ösümlik fermentleri derman, kosmetika we azyk senagatynda giňden ulanylýar. Olar tebigy bolandygy üçin, adatça, zyýansyz we allergiýa dörediji täsirden halas bolýar.

Ösümlikleriň fermentleýji häsiýeti olary diňe iýmit hökmünde däl, eýsem biologik gymmatlyklaryň çeşmesi hökmünde hem ähmiýetli edýär. Gündelik durmuşda fermentleýji ösümliklere orun bermek adam saglygyna oňyn täsir edýär we tebigy sagdynlygyň çeşmesini döredýär.

Ogulnäzik Çaryýewa
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň
mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok