Tebigat bilen aragatnaşyk adam ruhunyň durnuklylygynyň, beýniniň dynç almagynyň we ýaşaýyşdan lezzet almagyň möhüm çeşmesidir. Bu baglanyşykda güller bilen meşgullanmak – ýagny olary ösdürmek, ideg etmek, olaryň ösüşini synlamak – diňe bir göze ýakymly çäre bolman, eýsem psihiki saglyk üçin hem möhüm peýdalary döredýär. Bu ýagdaý ylmy taýdan “hortiterapiýa”, ýagny bagbançylyk arkaly saglyk derejesini ýokarlandyrmak ady bilen hem tanalýar.
Stress derejesini peseldýär
Güller bilen meşgullanmak wagty adam tebigat bilen göni aragatnaşykda bolýar. Ýumşak reňkler, ýumşak yslar we eller bilen toprak bilen işleşmek nerw ulgamyny rahatlandyrýar. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, gül ösdürmek bilen meşgullanýan adamlarda kortizol (stress gormony) derejesi ep-esli peselýär.
Ruhy durnuklylygy ýokarlandyrýar
Güller bilen ideg etmek adama bir sazlaşyk berýär – olaryň suwarylmagy, gün şöhlesiniň düşýän ýerine ýerleşdirilmegi, ösüşini synlamak adamyň gündelik ýaşaýşyna many berýär. Bu bolsa aýratynlykda ýaşaýan ýa-da depressiýa garşy göreşýän adamlar üçin güýçli psihologik goldaw bolup biler.
Üns jemlememegi we sabyrlylygy ösdürýär
Gül ösdürmek tiz netijä garaşýan iş däl. Ol wagt, üns we sabyr talap edýär. Şonuň üçin güller bilen meşgullanýan adamlar ünsüni bir nokada jemläp, diňe şol pursaty ýaşamagy öwrenýärler. Bu bolsa meditasiýa ýaly täsir edip, beýniniň dynçlyk ýagdaýyny ösdürýär.
Öz-özüňe bolan ynamy ýokarlandyrýar
Kiçijik bir güli ösdürip, onuň ösüp, gülleýändigini görmek adamyň öz güýjüne bolan ynamyny artdyrýar. Şeýle “başarnyklylyk duýgusy” depressiýadan çykmaga, özüňe hormat goýmagy berkitmäge we psihiki taýdan sagdyn ösüşe ýol açýar.
Gülleriň ysly we reňkli täsiri
Lawanda, jasmin, bägül ýaly gülleriň ysly täsiri arkaly aromaterapiýa döredilýär. Olaryň tebigy ysy beýnide rahatlyk döredýän serotonin we dopamin gormonlarynyň işlenip çykmagyna täsir edýär. Şeýle hem ýaşyl reňk rahatlandyryjy täsiri bilen tanalýar.
Güller bilen meşgullanmak – sabyr, üns we rahatlyk bilen utgaşýan täsin bir ruhy tejribedir. Ol diňe bir öýüňizi bezäp goýman, eýsem özüňizi psihiki taýdan goramagyň, ösüşiň we durnuklylygyň hem bir ýolydyr. Şonuň üçin her bir öýde hiç bolmanda bir gül ösdürmek diňe bezeg däl – saglygyň tebigy diregi bolup biler.
Aýjemal Sammyýewa
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy
Teswirler