Çagalaryň sözleýşini ösdürmekde sanawaçlaryň ähmiýeti

Çaga sözleýşiniň ösüşi köp faktorlara, şol sanda daşky gurşawa,diliň özara täsir derejesine, eşidiş, akyl ýetiriş, gep agzalarynyň ukybyna bagly çylşyrymly we köp ölçegli zerurlykdyr. Çaganyň aňynyň, aklynyň, sözleýşiniň öz wagtynda ösmegi çagany terbiýelemekdäki wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Çagada dogry sözleýşiň emele gelmegine goşant goşýan iň möhüm gurallaryň biri hem halk döredijiliginiň aýratyn görnüşleriniň biri bolan sanawaçlardyr. Sanawaçlar çaganyň fonematiki eşidişiniň, gep agzalarynyň (artikulýasion apporatyň) ukyplarynyň ösmeginde, sözüň ritmiki-äheň gurluşynyň baýlaşmagynda, söz baýlygynyň giňelmeginde we aragatnaşyk endikleriniň ösmeginde möhüm orny eýeleýär. Sanawaçlary sanamak çagalaryň kiçilikden alyp barýan oýun işlerine ýoldaş bolup, esasanam mekdebe çenli we başlangyç synp döwründe arassa we dogry ses aýdyşy terbiýelemegiň aýrylmaz guralydyr. Olaryň özboluşly aýratynlygy şadyýan äheňde, aýdyň ritmiki yzygiderlikde, ses gurluşlaryndaky gaýtalanma, söz düzümleriniň logiki dolulygy, belli bir oýnuň mazmunyny özünde saklaýjylygy, tiz ýatda galyjylygy bolup durýar. Bu aýratynlyklar dil gurluşlaryny ýatda saklamaga, fonematik düşünjäni ösdürmäge we ses derňew ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär. Sanawaçlary yzygiderli ulanmak çagalarda dogry sözleýşi özleşdirmäge kömek edýär.

Sanawaçlary sanamagyň ritmiki yzygiderligi hem sözleýşiň ösmeginde möhüm orny eýeleýär. Ol sözüň manysyny we sözlemleri dogry gurmak ukybyny ýüze çykarýar. Mundan başga-da yzygiderli sanalýan sanawaç setirleri temp-ritmiki utgaşmany ösdürýär, bu bolsa sözleýişde ýüze çykyp biläýjek kemçilikleri düzetmek üçin hem has möhümdir.

Sanawaçlaryň fonetik tarapy çaganyň söz ulgamynyň ösmegine-de uly täsir edýär. Gaýtalama we gaýtalanyp aýdylyş arkaly çagalar sözleriň ses aýratynlyklaryny kesgitlemegi we tanamagy öwrenýärler. Bu bolsa okamak we ýazmak endikleriniň mundan beýläk hem ösmegine goşant goşýar.

Fonetik tarapdan başga-da, sanawaçlar sözleýşiň leksik we grammatik gurluşynyň ösmegine hem goşant  goşýar. Olarda açyk, täsirli şekiller, üýtgeşik sözler, dialektalizmler we oýun gurşawyna mahsus sözler bar, bu bolsa çaganyň söz baýlygyny ep-esli giňeldýär. Sanawaçlary sanamak arkaly çagalar täze sözler, onuň manylary we ulanylyş aýratynlyklary bilen tanyşýarlar, bu bolsa çaganyň sözlem düzüş endigini baý we täsirli edýär.

Sanawaçlaryň emosional-ekspressiw tarapy hem sözleýşiň ösmegine ep-esli täsir edýär. Ýagny, oýun oýnamak  endigi bilen çagada duýgulary döredýär  hem-de dil we sözleýiş işjeňligine gyzyklanma döredýär. Bu çaganyň aragatnaşyk ukybynyň kemala gelmeginde esas bolup durýan intonasiýa ekspressiwliginiň, dürli duýgulary ses we mimika arkaly ýetirmek ukybynyň ösmegine goşant goşýar.

Sanawaçlary sanamagyň aç-açan peýdalaryna garamazdan, häzirki zaman okuw prosesinde täze usullaryň girizilmegi we okamaga bolan çemeleşmeleriň üýtgemegi sebäpli olaryň ulanylyşy kem-kemden azalýar. Şeýle-de bolsa, sözleýiş ösüşindäki ähmiýeti ýokary bolmagynda galýar we bu däbi häzirkizaman bilim talaplaryna laýykaşdyryp, gorap saklamak möhümdir. Şeýlelik bilen, sanawaçlary sanamak çagalarda sözleýiş endikleriniň kemala gelmegine oňyn täsir edýär, çagalara has gowy düşünmäge, dilden gürleşmäge uýgunlaşmak üçin sözleriniň manylylygyny ösdürmäge kömek edýär. Sanawaçlaryň okuw prosesine goşulmagy, sözleýiş ösüşini höweslendirýän we häzirki zaman pedagogiki tejribäniň gymmatly elementine öwrülen halk döredijiliginiň däplerini gorap saklamagyň täsirli serişdesidir.

Ýaş nesle hemmetaraplaýyn bilim bermek ugrunda taýsyz tagallalary edýän, uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

                                                    Maral JUMAMYRADOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok