Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz gün saýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim we sanly ulgamy ösdürmekde ägirt uly işler alnyp barylýar. Okamak, öwrenmek, ylmyň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmek, şeýle hem ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýar ýaşlarymyz hem bu aladalara jogap edip uly üstünlikler gazanýarlar.
Şeýle talyp ýaşlaryň hatarynda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary Baýnazar Muhammedow we Jeýhun Jumaşow dagylary bellemek bolar. Talyplar özleriniň ylmy-gözleglere bolan çuňňur gyzyklanmasy we dürli görnüşli taslamalardyr startaplary durmuşa geçirmäge bolan ýokary netijelilikleri bilen tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda talyplar “HazynaStock – sanly media platforma” atly startapy işläp taýýarlaýarlar. HazynaStock – Merkezi Aziýanyň bazaryna gönükdirilen ilkinji stok platformasy bolup, ol ýokary hilli suratlary, ikonkalary, illýustrasiýalary, 3D we beýleki dürli görnüşli grafiki materiallary hödürleýär.

Talyplar bu startaplary bilen 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 19-yna Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamaklarynda geçirilen ýaşlaryň arasynda “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşigine üstünlikli gatnaşyp III orna mynasyp boldular. Şeýle hem 2025-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen “Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi” Milli jemgyýetçilik birleşiginiň bilelikdäki “Startap-ekoulgam – 2024–2025” atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän ýaşlaryň innowasion startap-taslamalarynyň jemleýji bäsleşigine gatnaşyp III orna mynasyp bolmagy başardylar.
HazynaStock – Merkezi Aziýa üçin ilkinji lokalizirlenen stok platformasy hökmünde uly ösüş potensialyna eýe. Platforma, döredijileriň we ulanyjylaryň arasynda iş-ara gatnaşyk döredip, ýerli bazaryň isleglerine laýyk gelýän grafiki materiallar bilen üpjün edýär. Dizaýnerlere girdeji gazanmak, ýerli töleg sistemalary, freelance mümkinçilikleri we geljekde Al-generasiýa ýaly innowasiýalar bilen platforma kärhanalar, marketologlar we döredijiler üçin wajyp gurala öwrüler. Ýerli bazaryň islegleri üçin çözgüt bolmagy netijesinde, HazynaStock media industriýanyň iň esasy platformalarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
Teswirler