2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda Tbilisi şäherindäki “Ahundowyň Öýi” muzeýinde türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanyp türkmen we azerbaýjan haly önümleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu çärä Gruziýada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, Gruziýanyň Parlamentiniň deputatlary, ozalky Ilçiler, döwlet edaralarynyň, Tbilisi şäher häkimliginiň, medeniýet ulgamynyň we metbugatyň wekilleri hem-de Gruziýada okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Sergide myhmanlara el bilen dokalan halylar, dürli haly önümleri, milli şaý-sepler, sowgatlyklar we surat eserleri görkezildi.
Dabarada çykyş eden myhmanlar şeýle çäreleriň halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, medeni mirasy we milli sungaty giňden wagyz etmäge uly goşant goşýandygyny belläp geçdiler. Olar türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Sergi 2025-nji ýylyň 27-nji maýyna çenli dowam eder.
Begenç SALAMATOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet
mugallymçylyk institutynyñ 4-nji ýyl talyby.
Teswirler