Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Aziýanyň merjen şäheri hökmünde tanalýan Aşgabat şäheri binagärlik, gurluşyk, medeniýet, ekologiýa we ýaşaýyş derejesi babatynda dünýä derejesindäki özgertmeleriň merkezi boldy. Beýik binalaryň we häzirki zaman gurluşyklaryň şäher keşbine goşulmagy bilen paýtagtymyz ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Bu mermer ymaratlar halkymyzyň gadymy «ak zat alnyňa ýagşy» diýen parasatly pähimini özünde jemläp, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylyk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şäher gurluşygynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar bolsa içerki we halkara kompaniýalaryň öňdebaryjy tejribesine daýanýar.
Şeýle uly möçberli gurluşyklarda bilimli, işine ussat ýaş hünärmenleriň gatnaşmagy buýsançly ýagdaýdyr. Aşgabat häzirki döwürde diňe bir gözel binagärligi bilen däl, eýsem giň seýilgähleri, döwrebap ýaşaýyş toplumlary, innowasion desgalary bilen hem dünýäde aýratyn orun eýeleýär.
Aşgabat şäheri soňky ýyllarda uly ösüşlere ýetip, täze-täze täsin desgalaryň gurluşygy bilen giňedi. Bu ösüşler paýtagtymyzyň halkara derejesindäki şöhratyny has-da artdyrýar.
Berkararlygy, abadançylygy, ösüşi, sungaty we döredijiligi özünde jemleýän gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 144 ýyllyk baýramy aýratyn dabaralar bilen belleniler. Ata Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan bu ajaýyp şäheri ösdürmäge uly goşant goşýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Nurjemal HANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler