Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergi paýtagtymyzyň häzirki zaman ösüş ýolundaky täzeçilliklerini hem-de giň gerimli özgertmelerini şöhlelendirmäge giň mümkinçilik döretdi. Bu sergi diňe bir şäher gurluşygy, senagat ýa-da medeniýet bilen çäklenmän, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary, aýratyn-da saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşleri hem öz içine alýar.
Aşgabatda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän iri lukmançylyk taslamalary şäher ösüşiniň adamlaryň saglygyna gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip düzülen we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäginde häzirki wagtda paýtagtymyzda birnäçe döwrebap saglyk merkezleriniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär.
Şolaryň hatarynda 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediljek Stomatologiýa merkezi bar. Bu desgalar ulanylmaga berleninden soň, diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna däl, eýsem tutuş sebite ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döreder.
Serginiň dowamynda görkezilen taslamalar şäheriň ýaşaýyş üçin has-da amatly we sagdyn gurşawa öwrülýändigini görkezýär. Şäher giňişliginde ýaşyl zolaklaryň giňeldilmegi, dynç alyş meýdançalarynyň döredilmegi, köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgesiniň şäher ösüşiniň esasy ugrudygyny tassyklaýar.
Bu çäreler, ilkinji nobatda, ýaşaýjylaryň fiziki we ruhy saglygyny goramaga gönükdirilen bolup, Aşgabady sagdyn jemgyýetiň merkezi hökmünde ösdürmäge hyzmat edýär.
Merjen AGADURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler