Üstünlikler bilen täze ädimlere tarap

Ine bu gün 2024-2025-nji okuw ýyly hem üstünlikli jemlendi. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerindäki orta mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda bolşy ýaly biziň çagalar bakja-bagymyzda hem bu okuw ýyly üstünliklere beslendi.

Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagymyzda okuw ýylynyň dowamynda ähli okuw-terbiýeçilik işleri tassyklanylan meýilnama esasynda alnyp baryldy. Bu döwürde Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan we beýleki Maksatnamalardan, çagalaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmagyň öňde goýýan wezipelerinden, mekdebe çenli Döwlet bilim standartynyň ölçeglerinden we görkezijilerinden, daşary ýurt dillerini öwrenmek we sanly bilim ulgamyny peýdalanmak boýunça çärelerden ugur alyp okuw-terbiýeçilik we guramaçylyk çärelerini geçirdik.

Çagalar bakja-bagymyzyň körpeleri we tebriýeçileri degişli bäsleşiklere hem gatnaşyp bu okuw ýylynda oňyn görkezijileri gazandylar.

 Belläp geçsek, Terbiýeçi Güljeren Hommadowa «Ýylyň terbiýeçisi-2025» bäsleşigiň welaýat tapgyrynda I orna we innowasion sapaklary guramak boýunça bäsleşikde baş baýraga eýe boldy.

Rus dili mugallym Aýna Atajanowa iňlis dili otagy mugallym Maýsa Abdyýewa bolsa bilelikde daşary ýurt dilleri otaglarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde welaýat boýunça baş baýragy gazandylar. Çagalar bakja-bagymyzyň bagy bossanlyga bürenen çagalar baglarynyň arasynda döwlet derejesinde baş baýraga mynasyp bolandygyny hem uly buýsanç bilen bellemek isleýäris.

Şeýle-de ýaş terbiýeçilerden Läle Kakabaýewa, Şasenem Atajanowa, Jennet Baýramowa hem bu okuw ýylynda has netijeli zähmet çekip, tejribelerini artdyrdylar. Bakja toparlarda zähmet çekýän terbiýeçiler Maral Amangeldiýewa, Güljahan Muhammetdurdyýewa dagynyň bu okuw ýylynda halkara tejribesini öwrenmek boýunça geçiren işleri örän täsirli we ähmiýetli boldy. Terbiýeçi Bahar Öwezowanyň körpeleri şäher we welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup, çagalar bakja-bagymyzyň abraýyny artdyrmaga goşant goşdurlar. Munuň özi bakja-bagymyzda usuly işleriň netijeliligini alamatlandyrýar.

Elbetde bilim işgärleri bilen bir hatarda  ähli tehniki işgärlerimiz, aşpezlerimiz, terbiýeçileriň kömekçileri hem çagalar bakja-bagynyň işiniň kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Agzybirlikde çekilen zähmet bizi has-da ruhlandyrýar we täze üstünliklere höweslendirýär. Garaşsyz ýurdumyzda körpe nesilleriň sagdyn ösüşi we mynasyp mekdebe taýýarlanmagy ugrunda ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bakja-bagymyzyň ähli işgärleri we körpeleri bolup egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Tawus ANNAMÄMMEDOWA,

Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän
21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri,
TDP-niň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok