Parahatçylygyň waspy sungat eserlerinde

2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Parahatçylyk bagtyýarlygyň çeşmesi” atly Kerim Berdiýewiň sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Sergi “Grafika” kafedrasynyň mugallymy Kerim Berdiýewiň döredijilik dünýäsini açyp görkezýän galamda çekilen grafika hem-de ýagly reňkler bilen ýerine ýetirilen nakgaşçylyk eserleri bilen tapawutlanýar. Mugallymyň eserlerinde tebigatyň dört paslynyň gözelligini şekillendirýän hem-de adamyň galamdaky çekilen gözlegleri görkezilýär. Eziz Diýarymyzyň baý tebigatyny, ajaýyplygyny beýan edýän, taryhy medeni-ýadygärliklerini açyp görkezýän eserler ähli toşaçylaryň üns merkezinde boldy. Şeýle-de eserlerdäki şekiller  ata Watanymyza, gözel tebigatymyza, ýurdumyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsine bolan söýgüsiniň uludygyny has ýakyndan duýulýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” döredijilik sergileriň yzygiderli gurnalmagy halypa şägirtlik ýolunyň dowam edýändiginden habar berýär.

Tawus GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok